Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen duşuşdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň Russiýa bilen esasan hem Siriýada etjek ädimleriniň örän möhümdigini belledi

1179183
Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen duşuşdy

Türkiýe-Russiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Russiýanyň paýtagty Moskwa giden Prezident Erdogan, ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Kreml köşgünde duşuşdy.

Erdogan duşuşykdan ozal beren beýanatynda, Türkiýäniň Russiýa bilen esasan hem Siriýada etjek ädimleriniň örän möhümdigini belläp: “Beýleki bir möhüm ädim bolsa häzirki wagtda sebitde bar bolan terrorçylykly aksiýalara garşy bilelikde jebis bolup edýän ädimlerimizdir” diýdi.

Duşuşykda iki ýurdyň arasynda käbir şertnamalaryň baglaşyljakdygyny aýdan Erdogan, iki ýurdyň arasynda söwda kuwwadynyň 15 göterim artandygyny we maksatlarynyň 100 milliard dollardygyny habar berdi.

Russiýanyň Döwlet baştutany Putin bolsa, Türkiýe bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň esasan hem ykdysady ugurda özgermeginden hoşaldyklaryny beýan etdi.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky söwda kuwwadynyň 35 milliard dollara ýetendigini aýdan Putin: “Halkara gatnaşyklarda we global meseleler bilen baglanşykly Türkiýe bilen örän ýygy gatşykdadygymyzy aýdyp bileris” diýdi.

Iki lideriň duşuşygyndan soň Türkiýe-Russiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahaty geçiriler.


Etiketkalar: #Erdogan , #Russiýa , #duşuşyk

Degişli Habarlar