Prezident Erdogana gutlag telefonlary gelýär

Käbir ýurtlaryň döwlet baştutanlary Prezident Erdogana telefon edip saýlawda gazanan üstünligi bilen gutladylar

1174553
Prezident Erdogana gutlag telefonlary gelýär

 

Käbir ýurtlaryň döwlet baştutanlary Prezident R. T. Erdogana telefon edip saýlawda gazanan üstünligi bilen gutladylar.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç, Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidium geňeşiniň başlygy Milorad Dodik we Demokrat partiýanyň başlygy Bakir Izzetbegowiç, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama bilen Gwineýanyň Prezidenti Alpha Gonde Prezident we Adalat we ösüş partiýanyň başlygy R. T. Erdogana telefon edip saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady.

Pakistanyň Premýer ministri Imran Han hem Twitter arkaly Prezident R. T. Erdogany saýlawda gazanan üstünligi bilen mähirli gutlady.

Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli bilen ozalky Premýer ministrlerden Mesut Ýylmaz bilen Tansu Çiller hem Erdogana ýerli saýlawlarda gazanan üstünligi bilen gutlady.

 



Degişli Habarlar