Fuat Oktaý Rumyniýada saparda boldy

Türkiýäniň Wise-prezidenti Fuat Oktaý, Rumyniýada gatnaşan Dört taraplaýyn maslahat bilen bagly interwýu berdi

1173823
Fuat Oktaý Rumyniýada saparda boldy

Fuat Oktaý, ýurdyň paýtagty Buharestde geçirilen Rumyniýa-Bolgariýa-Serbiýa-Gresiýa Dört taraplaýyn maslahata hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Fuat Oktaý maslahatyň çäginde, Rumyniýanyň Premýer ministri Wiorika Dençile, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Gresiýanyň Premýer ministri Alekses Sipras we Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow bilen duşuşyk geçirdi.

Oktaý: “Giň geografiýanyň durnuklylygyna goşant goşup bilmek mümkinçiligine eýe bolan we ony üpjün edýän Türkiýe üçin Balkanalar örän möhümdir. Kowumdaşlarymyzyň we ata-babalarymyzyň gözegçiliginde bolan bu sebit bilen gatnaşyklarymyzy hemişe gowy saklamalydyrys. Balkanlarda parahatçylygyň we hyzmatdaşlyk gurşawynyň döredilmegi Türkiýäni ýakyndan gyzyklandyrýar” diýdi.

Fuat Oktaý, duşuşyklarda Türkiýäniň Ýewropa Bileleşiginden garaşýanlarynyň, Balkanlardaky sebitleýin hyzmatdaşlyk meseleleriniň, energetika we migrasiýa ýaly temalaryň ara alynyp maslahatlaşylandygyny habar berdi.

Oktaý Yslam we daşary ýurt duşmançylygynyň ýeten sepgitleriniň üstünde durulyp geçilendigini aýan etdi.

Rumyniýanyň Premýer ministri Wiorika Dençile bilen geçirilen duşuşykda Türkiýäniň ÝB-e agzalygy gün tertibe geldi.

Wiorika Dençile, Buharestde ÝB-Türkiýe maslahatynyň geçirilmegi üçin Türkiýäniň ýanyndadyklaryny habar berdi.


Etiketkalar: #Fuat Oktaý , #Rumyniýa

Degişli Habarlar