“Rus raýatlarynyň Türkiýä pasportsyz gelmegini ýola goýjak gepleşikler başlady”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň raýatlarynyň Türkiýä pasportsyz, şahsy resminama bilen gelmegini ýola goýmak üçin gepleşiklere başlanandygyny aýtdy

1170139
“Rus raýatlarynyň Türkiýä pasportsyz gelmegini ýola goýjak gepleşikler başlady”

Çawuşogly Antalýada Kaleiçinde geçirilen maslahata gatnaşdy.

Russiýa bilen wiza düzgünini bes etmek üçin tagalla edýändiklerini we işleriň depginini güýçlendirendiklerini aýdan Çawuşogly: “Elektron wiza ulgamyny başlatdyk. Kafede otyrkaňyz, telewizora tomaşa edýärkäňiz eliňizdäki telefondan, kompýuterden ýa-da planşetden 3 minudyň dowamynda elektronik wiza alyp bilýärler. Käbir ýurtlar üçin hem alynky şertleri aýyrmaga başladyk. Mysal üçin Hytaý. Hindistan üçin ýörite taýarlyklarymyz bar, ol ýerde 14 ýerde wiza ofisini açdyk. Türkiýä gelmek isleýän hindistinlylara ýeňillik bilen wiza berýäris” diýdi.

Käbir ýurtlar bilen wiza düzgünini bes edendiklerini aýdan Çawuşogly, Gruziýa, Ukraina we Moldowa syýahatlaryň pasportsyz edilýändigini ýatlatdy.

Rus raýatlarynyň hem Türkiýä pasportsyz, şahadatnamalary bilen gelmegini üpjün etmek üçin gepleşiklere başlandyklaryny nygtan Çawuşogly: “28-nji martda Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Antalýa gelýär we Antalýada bular barada giňişleýin pikir alyşarys. 8-nji aprelde bolsa Moskwa gideris. Hem özara ýokary derjeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyny geçireris hem-de Russiýa bilen Medeniýet we syýahatçylyk ýyly başlady. Şonuň açylyşyny Moskwada ederis. Bularyň ählisi ýurdumyzyň tanadylmagy we syýahatçy sanynyň artdyrylmagy üçin” diýdi.

Çawuşogly Türkiýä saglyk ýa-da başga maksatlar bilen gelýän syýahatçylaryň has uzak möhletli galmak isleýändigini hem aýtdy.

Esasanda sowuk ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň Türkiýede has uzak möhletli bolmak isleýändigini beýan eden Çawuşogly, möhletiň käbir ýurtlar üçin 30 günden ybaratdygyny, onuň 90 güne çenli uzaldylandygyny nygtady.



Degişli Habarlar