Liwiýanyň Içeri işler ministri Türkiýäniň ýurduna berýän goldawlary barada öwgüli sözler aýtdy

Liwiýanyň İçeri işler ministrligiTürkiýäniň Liwiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serhat Aksen bilen duşuşdy

1166186
Liwiýanyň Içeri işler ministri Türkiýäniň ýurduna berýän goldawlary barada öwgüli sözler aýtdy

Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Içeri işler ministri Ali Fethi Başaga, Türkiýäniň ýurduna berýän goldawlary barada öwgüli sözler aýtdy.

Liwiýanyň İçeri işler ministrliginden berlen beýanata görä Başaga, Türkiýäniň Liwiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serhat Aksen bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Liwiýanyň Içeri işler ministri Ali Fethi Başaga duşuşykda Türkiýäniň ykdysady we howpsyzlyk taýdan ýurduna berýän goldawlary barada öwgüli sözler aýtdy.

Türkiýäniň Liwiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serhat hem paýtagt Tripolide we töwereklerinde howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin İçeri işler ministrliginiň durmuşa geçirýän işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi

Gara altyna baý arap ýurtlaryndan biri bolan Liwiýada 2011-nji ýyldan bäri başdan geçirilýän syýasy we howpsyzlyk krizisleri, ýurtda durnuksyzlyk emele getiripdi.

 



Degişli Habarlar