Fuat Oktaý we Mewlüt Çawuşogly Täze Zelandiýa bardylar

Iki aýry metjide guralan terroçylykly hüjümden soň düýn Täze Zelandiýa giden Wise-prezident Fuat Oktaý we Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, hüjüm guralan ýer bolan Kraýstçerç şäherine bardylar

1164956
Fuat Oktaý we Mewlüt Çawuşogly Täze Zelandiýa bardylar
oktay-cavusoglu2.jpg
oktay-cavusoglu1.jpg

50 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen terrorçylykly hüjümden soň, wekiliýet bilen Stambuldan Täze Zelandiýa tarap ýola çykan Oktaýyň we Çawuşoglynyň münen uçarynda, hüjümde ýaralanan Zekeriýa Tuýanyň kakasy we jigisi bardy.

Wise-prezident Fuat Oktaý we Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Zekeriýa Tuýanyň maşgalasyna gynanç bildirdi. Prezident Rejep Taýýip Erdoganyňam gynanjyny we salamyny ýetirdiler.

Oktaý we Çawuşogly, waka gynanç bildirip, hökümetiň ýaralanan adamlaryň saglyk ýagdaýlaryna ýakyndan gözegçilik edýändigini we ähli mümkinçilikleri ulanýandygyny habar berdi.

Wekiliýet Stambuldan Kraýstçerç şäherine çenli takmynan 19,5 sagat arakesmesiz ýolagçylyk etdi.

Bu uçuş Bütindünýä raýat awiasia taryhynyň iň uzyn ýolagçylygy hökmünde bellige alyndy.

Türkiýäniň Wellington şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Ergin tarapyndan Kraýstçerç howa menzilinde garşylanan Oktaý we Çawuşogly, Täze Zelandiýanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Winston Peters bilen toparara gepleşiklere gatnaşdylar.

Oktaýyň we Çawuşoglynyň, ertir hüjümiň guralan ýeri bolan metjitlere baryp görmegine garaşylýar.

Ýaralanan adamlaryň ýanyna barjak wekiliýet, Musulman jemgyýetleriň wekilleri bilen hem duşuşar.

Terrorçylykly hüjüm bilen bagly maglumat bermek üçin metbugat ýygnagyny geçiren Täze Zelandiýanyň Premýer ministri Jasinda Ardern, Türkiýeden wekiliýetiň gelmeginden hoşaldyklaryny beýan etdi.

Ardern: “Türkiýeden gelen wekiliýet musulmanlara goldawyny görkezmäge gelýär, mundan hoşaldyrys. Türkiýe ilatynyň aglabasy musulman bir ýurtdyr, olara garaşýarys” sözlerini ulandy.



Degişli Habarlar