Türkiýe Täze Zelandiýada metjide guralan gandöküşikli hüjümi ýazýardy

Prezident Erdogan hüjümi näletledi

1163907
Türkiýe Täze Zelandiýada metjide guralan gandöküşikli hüjümi ýazýardy

Prezident R. T. Erdogan Täze Zelandiýada metjide guralan hüjümiň dünýäde rassismi we yslama garşy hereketleri açyk aýdyň görkezýändigini aýtdy.

Hüjümi näletlän Erdogan “Täze Zelandiýada Nur metjidine we ol ýerde ybadat edýän musulmanlara guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýaryn. Hüjümi guranlary näletleýärin. Hüjümde ýogalan doganlarymyza Alladen rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýärin” diýdi.

Prezident Erdogan “Täze Zelandiýanyň halkyna ýurdumyň adyndan we öz adymdan uly gynanç bildirýärin” diýip belledi.

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem Twitter arkaly beren beýanatynda “Hüjümi berk ýazgarýaryn, hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet dileýärin” diýdi.

Kalyn “Terrorçylykly hüjüm yslama garşy duşmançylygyň ýeten sepgidigini görkezýär” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar