Ruminiýa Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna goldaw berýär

Dençile “Türkiýe ÝB üçin esasy hyzmatdaş” diýdi

1162572
Ruminiýa Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna goldaw berýär

 

ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne alan Ruminiýanyň Premýer ministri Wiorika Dençile Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Dençile “Türkiýe ÝB üçin esasy hyzmatdaş” diýdi.

Ruminiýanyň hökümeti tarapyndan berlen ýazmaça beýanata görä, Premýer ministr Dençila Türkiýäniň Ruminiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Füsün Aramazy kabul etdi.

Dençila kabul edilşikde iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi we Türkiýäniň ÝB-ne agza ýurtlardan daşary Ruminiýanyň ykdysady taýdan gatnaşyk edýän esasy hyzmatdaşlaryndan biridigini nygtady.

Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýdan Dençila, Ruminiýanyň ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçysy hökmünde etaby höweslendirjekdigini ýatlatdy.

Türkiýäniň Ruminiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Füsün Aramaz bolsa Türkiýe bilen Ruminiýanyň arasynda gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn pugtalandyrylmagy üçin tagalla etjekdigini aýtdy.

 

 

 



Degişli Habarlar