Türkiýe, Owganystanyň paýtagty Kabulda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

“Hüjümde ýogalanlara Alladen rehnet, dost owgan hökümetine we doganlyk owgan halkyna gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris”

1159576
Türkiýe, Owganystanyň paýtagty Kabulda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe, Owganystanyň paýtagty Kabulda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda paýtagt Kabulda ýokary derejeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirlen hatyralama çäresini nyşana alan terrorçylykly hüjümiň berk ýazgarylýandygy nygtaldy.

Beýanatda, “Hüjümde ýogalanlara Alladen rehnet, dost owgan hökümetine we doganlyk owgan halkyna gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Owganystanda Hazaralaryň ozalky lideri Abdul Ali Mezariniň ýogalan gününde döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirlen hatyralama çäresini nyşana alan hüjümde 3 adam ýogalypdy.

Hüjümde ýaralananlaryň arasynda iýul aýynda geçiriljek prezident saýlawynyň dalaşgärlerinden Abdul Latif Pedram hem bar.

 

 

 



Degişli Habarlar