Prezident Erdogan S-400-ler bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Russiýadan alynjak S-400 howa goranyş ulgamy bilen bagly meselede yza ädim etmejekdiklerini belläp: “Ruslar bilen ylalaşdyk, umumy önümçilige geçeris, belki S-400-den soň, S-500-leri öndüreris” diýip habar berdi

1158495
Prezident Erdogan S-400-ler bilen bagly beýanat berdi

Prezident Erdogan hususy telewideniýeleriň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleler boýunça beýanat berdi.

S-400-ler bilen baglanşykly käbir töwerekleriň Türkiýä garşy basyşy bilen bagly soraga jogap beren Erdogan: “S-400 bilen bagly işi tamamladyk, ol dolulygyna tamamlanan bir mesele. Sebäbi biz hem hormatly Putin bilen hem-de Russiýa bilen ylalaşygy dolulygyna tamamladyk.  Kredit şertlerinden başlap, umumy önümçilige çenli ähli meseleleri gürleşdik, ylalaşdyk, gollar hem çekildi. Mundan beýläk biz yza ädim etmeris. Sebäbi bize bular ýaly ahlaksyzlyk gelişmez, bu ahlak taýdan dogry däldir” diýdi.

Ruslar bilen S-400-leriň bilelikde öndürilip bilinjekdigini hem aýdan Erdogan: “Belkem S-400-den soň, S-500-i bilelikde öndüreris. Bize S-400 babatynda basyş edýänler, näme üçin Gresiýa S-300 babatynda basyş etmeýär? Näme üçin Bolgariýa, näme üçin Slowakiýa basyş etmeýärler? Bularam biz ýaly NATO agza bir ýurt, olarada basyş ediň, näme üçin olara basyş etmeýärsiňiz?” diýip nygtady.

NATO-nyň Baş sekretarynyň S-400-leriň satyn alynmagy bilen baglanşykly “Bu hyzmatdaşlarymyzyň iň tebigy hukugy, biz bu ýerde hiç zat diýip bilmeris” diýendigini ýatladan Erdogan: “Örän we örän amatly şertlerde S-400-ler babatynda ylalaşyk gazandyk. Bize munyň ibermek möhledini hem iýul aýyna çenli süýşürdiler. Nesip bolsa iýul aýynda ilkinji tapgyr gelip gowuşar” diýip belledi.



Degişli Habarlar