Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Erdogan Stambuldaky Çyragan köşgünde geçirilen Budapeşt etabynyň Ministrler derejesindäki 6-njy maslahatynda çykyş etdi

1148841
Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Dünýäde 260 milliona golaý bosgunyň, 68 milliondan gowrak ýerlerini terk eden adamyň we 25 milliondan gowrak gaçgagyň bardygyny aýdan Prezident Erdogan: “Has beýik diwarlar örmegiň, has köp dikenli simleri çekmegiň bosgun akymynyň öňüni almak üçin çözgüt bolmandygy anykdyr” diýip belledi.

Çykyşynda toslama ermeni genosidi bilen bagly öňe sürmeleriň hem üstünde durup geçen Erdogan: “Dünýäde häzirki wagtda, esasan hem Günbatarda toslama Ermeni genosidi ady bilen käbir propogandalar geçirilýär. Biz bolsa bu taryhçylaryň işidir diýip aýdýarys” diýip nygtady.

Prezident Erdogan: “Ömrümiz boýunça, taryhymyz boýunça, bu millet hiç wagt, hiçbir etnik topara garşy genosid etmedi” diýip belledi.

Prezident Erdogan, täze bosgun akymy bolan ýagdaýynda bolsa: “Siriýadan gözbaş alan bosgun meselesiniň ýeke täk çözgüdiniň, bosgunlaryň biziň serhetlerimiziň çäginde saklanmagy hökmünde görülmeli däl. Täze bosgun akymy bolsa, mundan beýläk biz ýeke başymyza öz boýnumyza almarys” diýdi.

Prezident Erdogan bular ýaly bir döwürde mundan beýläk Ýewropanyň ykbalynyň Afrikanyňkydan, Demirgazyk Amerikanyň ykbalynyň Günorta Amerikanyňkydan garaşsyz bolmajakdygyny belläp, özgeren tehnologiýa we aragatnaşyk mümkinçilikleri her tarapy biri-birine golaýlaşdyrýandygyny, meselelere bolsa umumy çözgütler tapmaga mejbur edýändigini habar berdi.



Degişli Habarlar