Daşary işler ministrligi Demirgazyk Makedoniýanyň halkyna gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Demirgazyk Makedoniýanyň halkyna gynanç bildirdi

1146221
Daşary işler ministrligi Demirgazyk Makedoniýanyň halkyna gynanç bildirdi

Türkiýäniň hökümeti Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýeniň golaýynda başdan geçirilen ulag heläkçiliginde ýogalan adamlar sebäpli bu ýurda gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: “Düýn agşam Skopýeniň golaýynda bir awtobusyň agdarylmagy netijesinde 13 adamyň ýogalandygy we köp sanda adamyň ýaralanandygy baradaky habary uly gynanç bilen aldyk. Awtobus heläkçilginde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we doganlyk Makedon halkyna gynanç, ýaralanan adamlara bolsa şypa dileýäris” diýip bellendi.



Degişli Habarlar