Türkiýe Russiýanyň wiza meselesindäki kararyndan hoşal

Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Hami Aksoý Russiýanyň resmi pasportly türk raýatlaryny we konteýner sürüjilerini wiza düzgüninden boşatmagyna kanagatanma bildirdi

1140649
Türkiýe Russiýanyň wiza meselesindäki kararyndan hoşal

Aksoý Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň düýn gol çeken wiza düzgüni baradaky karary barada beýanat berdi.

Aksoý: “2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkiýe bilen Russiýa Federasiýasynyň konsullyk işlerinde ylalaşylşy ýaly gulluk we hususy pasportly türk raýatlary bilen halkara ýük gatnadýan sürüjileriň wiza düzgüninden boşadylmagy baradaky karara hoşallyk bildirýäris” diýdi.

Kararyň gysga möhletde iş ýüzüne geçirilmegi boýunça Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi bilen gepleşikleriň dowam edýändigini aýdan Aksoý: “İki ýurduň arasynda 2010-njy ýylda gol çekişilen Wiza ýeňilligi baradaky ylalaşygyň doly berjaý edilmegini we umumy pasportly raýatlarymyza hem gysga möhletde wiza erkinliginiň berilmegine garaşýarys” diýdi.



Degişli Habarlar