Kalyn Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi

Türkiýe sebitdäki terror guramalary tarapyndan özüne haýsydyr bir howpyň abanmagyna asla rugsat bermez

1138653
Kalyn  Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi

 

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn paýtagt Ankarada geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýanat berdi.

Kalyn Türkiýäniň Siriýada Manbijde we Ýefradyň gündogarynda howpsyzlygyň üpjün edilmegine gözegçilik etmek isleýändigini belledi.

Kalyn Türkiýäniň sebitdäki terror guramalary tarapyndan özüne haýsydyr bir howpuň abanmagyna asla rugsat bermejekdigini ýatlatdy.

Ibrahim Kalyn Türkiýe bilen ABŞ-yň arasynda Manbij iş meýilnamasy meselesinde gazanylan ylalaşyk hakyndaky soraga Iki hyzmatdaş ýurt hökmünde, iş meýilnamasynyň gijä galynmazdan durmuşa geçirilmegi özara gatnaşyklar, sebitiň howpsyzlygy we Siriýadaky etap taýdan diýseň möhüm” diýip jogap berdi.

Kalyn ABŞ bilen howpsyz zolak meselesinde ylalaşyk gazanylandygy hakynda öňe sürülýän habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini we mesele bilen arabaglanşykly gepleşikleriň dowam edýändigini belledi.

Prezidentiň metbugat sekretary Kalyn “Bize görä, Asad legallygyny ýitirdi we gelejek hakynda wada berip bilmez” diýip belledi



Degişli Habarlar