Prezident Erdogan iş sapary bilen Russiýanyň paýtagty Moskwa gitdi

Prezident R.T.Erdogan Moskwanyň Wnukowa howa menzilinde Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Gruşenko, Döwlet protokol müdiri İgor Bogdaşew, Türkiýäniň Russiýadaky ilçisi Mehmet Samsar tarapyndan garşylandy

1131647
Prezident Erdogan iş sapary bilen Russiýanyň paýtagty Moskwa gitdi

Erdogan bilen bilelikde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Milli goranmak ministri Hulusi Akar, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli, Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan, Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalyn, Prezidentiň Ýanyndaky Aragatnaşyk edarasynyň başlygy Fahrettin Altun hem Moskwa gitdi.

Prezident Erdogan bir günlük iş saparynda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşar.



Degişli Habarlar