Myhman Prezident Kolinda Grabar Kitarowiç Mejlisiň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy

Binali Ýyldyrym bilen Kolinda Grabar Kitarowiç özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi

1127099
Myhman Prezident Kolinda Grabar Kitarowiç Mejlisiň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy
tbmm.jpg

Horwatiýanyň Prezidenti Kolinda Grabar Kitarowiç Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde resmi sapar bilen Ankara geldi.

Myhman Prezident Kolinda Grabar Kitarowiç ilki Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy.

Binali Ýyldyrym bilen Kolinda Grabar Kitarowiç özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Horwatiýanyň Prezidenti Kolinda Grabar Kitarowiç duşuşykdan soň TBMM-niň Başlygy Binali Ýyldyrym bilen birlikde Mejlisiň Fetullahçy terror guramasy FETÖ tarapyndan 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky harby agdarlyşyk synanşygynda huntaçylar tarapyndan uçar bilen bombalanan bölümlerine baryp gördi.

Kitarowiç 15-nji iýul gijesi başdan geçirlen wakalar we guralan hüjüm hakynda maglumat aldy.

Myhman Prezident Kitarowiçiň saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde Horwatiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Gepleşiklerde sebitara we halkara meseleleriň hem gün tertibine getirilmegine garaşylýar.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar