Goşun generaly Ýaşar Güler ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Dunford bilen duşuşdy

Duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi

1127133
Goşun generaly Ýaşar Güler ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Dunford bilen duşuşdy

Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Dunford bilen duşuşdy.

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde NATO-nyň karargähinde bolan Güler-Dunford duşuşygy 1 sagada golaý dowam etdi.

Duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Sarah Sanders duşenbe güni beren beýanatynda Güler bilen Dunfordyň Brýusselde duşuşjakdygyny we Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýdypdy.

Güler bilen Dunford soňky gezek 8-nji ýanwarda Ankarada duşuşypdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar