Kuşadasynda 46 bosgun halas edildi

4 ýaşyndaky gyzjagazyň bolsa jesedi tapyldy

1125965
Kuşadasynda 46 bosgun halas edildi

Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabynda bosgunlary alyp barýan gaýyň batmagy netijesinde 46 bosgun halas edildi, 1 çaganyň jesedi tapyldy.

Kenarýaka howpsyzlyk serkerdeligi, Kuşadasyndan 5 mil alysda bosgunlary alyp barýan gaýygyň batmaga başlandygy hakynda gelip gowşan habardan soň herekete geçdi.

Kenarýaka howpsyzlyk güýçleri bikanun ýollardan daşary ýurda gitmäge synanşan 46 bosguny halas etdi, 4 ýaşyndaky gyzjagazyň bolsa jesedini tapdy.

Bosgunlar Kuşadasy hassahanasynda bejergi astyna alyndy.

Sebitde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar