"Kürtleriň ýakyn dostu hatda ýeke-täk dostu Türkiýe Respublikasy"

Ömer Çelik, Türkiýäniň howpsyzlygy meselesinde asla egilşik etmejekdiklerini aýtdy

1121774
"Kürtleriň ýakyn dostu hatda ýeke-täk dostu Türkiýe Respublikasy"

 

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, Türkiýäniň howpsyzlygy meselesinde asla egilşik etmejekdiklerini aýtdy.

Ömer Çelik partiýasynyň Merkezi ýerine ýetiriş geňeşiniň maslahatyndan soň beren beýanatynda hyzmatdaş diýlende ABŞ üçin ilkinji nobatda Türkiýäniň gelmelidigini nygtady.

Ömer Çelik “Emma terror guramasyna hyzmatdaşymyz diýmekleri”düýpli özgerlişikdir” diýdi.

Türkiýe Respublikasy döwletine “Kürtlere deňmäň” diýýänleriň ilkinji nobatda özüne seretmelidigini nygtan Ömer Çelik şeýle diýdi: “Kürtlere eden zulumyny ýatlasynlar. Türkiýe Respublikasy Döwleti sebitdäki kürtleriň, araplaryň we türkmenleriň dostudyr.  Taryh şol halklaryň ýeke-täk dostunyň Türkiýedigini görkezdi.  Hiç kim kürt doganlarymyza eýe çykmak meselesinde Türkiýe Respublikasyna ders berip bilmez. Kürtleriň ýakyn dostu hatda ýeke-täk dostu Türkiýe Respublikasydyr. Türkiýe howpsyzlygy meselesinde asla egilşik etmez we duýdansyz ýagdaýda Ýefradyň gündogaryna operasiýa gurap biler”



Degişli Habarlar