Hulusi Akar we serkerdeler Siriýa serhedinde

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar, geçen ýyl geçirilen giň-gerimli 147 operasiýada 2 müň 398 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi

1117171
Hulusi Akar we serkerdeler Siriýa serhedinde

 

Hulusi Akar we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň serkerdeleri düýn gije Türkiýäniň serhediniň golaýyndaky Siriýanyň Eşme obasyna geçirilen Süleýman Şa aramgähi bilen Kilis welaýatyndaky serkerdelige baryp, gözegçilik işlerini geçirdi.

Aramgähiň daş töweregindäki goranyş liniýalara gözegçilik eden Akar, ol ýerde nobat tutýan esgerler bilen söhbetdeş boldy, serhet liniýasyny gözden geçirdi.

Hulusi Akar, mundan başgada telefon arkaly jaň eden Prezident Rejep Taýýip Erdogany esgerler bilen gürleşdirdi. 

Erdogan esgerlere ýüzlenip: “Nähili Afrinde taryh ýazan bolsaňyz, mundan soňky etapda hem şol tutanýerlilik dowam eder” diýip belledi.

Hulusi Akar we beýleki ofiserler ondan soň bolsa Kilisdäki serkedelige bardy.

Ministr Akar, ol ýerde 2018-nji ýylda geçirilen operasiýalar bilen bagly maglumat berdi.

Akar geçen ýyl geçirilen giň-gerimli operasiýalarda, terror gurama degişli 922 gaçybatalganyň we ştabynyň Howa güýçleri tarapyndan ýok edilendigini habar berdi.



Degişli Habarlar