Prezident Erdogan arçynlar bilen duşuşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, arçynlara ýüzlenip eden çykyşynda jebislik we raýdaşlyk ýüzlenmesini berdi

1114819
Prezident Erdogan arçynlar bilen duşuşdy

 

Erdogan Prezidentiň Kompleksindäki Sergi zalynda geçirilen Arçynlaryň 49-njy maslahatynda çykyş etdi.

Şenbe güni täze dolanşyk ulgamynyň ilkinji býujetiniň TBMM-de kabul edilendigini aýdan Erdogan, bilime, saglygy goraýyşa we infrastruktura has köp çeşme bölüp aýyrandyklaryny habar berdi.

Türkiýäniň soňky ýyllarda uly bir durnuklylyga gowuşandygyny aýdan Erdogan: “16 ýyl ozal Türkiýede 25 howa menzili bardy, häzirki wagtda bolsa 56 howa menzilimiz bar. Uniwersitet bolmaýan welaýat ýok” diýdi.

Çykyşynda jebislik we raýdaşlyk ýüzlenmesini beren Erdogan: “Millet hökmünde bir bolarys, baýdagymyzy asla ýere düşürip bilmezler. Bu Watanyň territoriýasyny şu güne çenli bölüp bilmediler, böldürmeris” diýip nygatdy.



Degişli Habarlar