"Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder"

Ibrahim Kalyn Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýanat berdi

1113181
"Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder"

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini aýtdy.

Ibrahim Kalyn Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýanat berdi.

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň Prezident Erdogan barada aýdan sözlerini ýatladan Kalyn “Ýurdunda galplyk etmek bilen aýyplanylýan Ysraýylyň Premýer Netanýahunyň Prezidentimiz we Türk ýaragly güýçleri hakyndaky sözleri ünsleri başga ugra gönükdirmek, içerki kynçylyklaryndan we belalardan halas bolmak üçin wagtlaýyn çykalga bolup biler” diýdi.

Netanýahunyň premýer ministrligi döwründe 3 müňden gowrak palestinalynyň ýogalandygyny, ýogalanlaryň 700-den gowragynyň çagalardan we zenanlardan ybaratdygyna ünsi çeken Kalyn “ Netanýahu ilkinji nobatda munyň hasabyny bermeli. Türkiýäniň terror guramalaryna garşy geçirýän operasiýalary olary biynjalyk edýär. Eýsem terror guramasy PKK bilen Ysraýylyň hökümeti, Premýer ministri gizlin gatnaşyk edýärmi? diýdi.

Kalyn “Türkiýäniň terrora garşy egilşiksiz göreşi dowam eder we munyň üçin ne Ysraýyldan ne-de başga bir ýurtdan rugsat alar” diýdi.

Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňzinde nebit-gaz gözleg we burawlaýyş işleriniň dowam etjekdigine ünsi çeken Ibrahim Kalyn, kipr türkleriniň hak-hukuklaryny hem ähli taraplaýyn goramaga dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar