Çawuşogly Siriýa bilen bagly möhüm beýanatlar berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly siriýalylaryň ýurdy kim tarapyndan dolandyrylmalydygyny özleriniň karar bermelidigini nygtady

1107940
Çawuşogly Siriýa bilen bagly möhüm beýanatlar berdi

Mewlüt Çawuşogly 18-nji Doha forumynda geçirilen ýokary derejeli ýörite duşuşykda soraglara jogap berdi.

Ministr Çawuşogly: “Siriýanyň gelejeginde Başar Asad hem bolan kartina bolsa, bu siz üçin kagatalanarlymy?” soragyna “Häzirki wagtda etmäge synanyşýan zadymyz, ýurt üçin bir konstitutsiýanyň emele getirilmegi. Bir konstitutsiýanyň taslamasyny özleri emele getirmeli” diýip jogap berdi.

Ýurdyň saýlawlara taýarlanmalydygyny aýdan Çawuşogly: “Bu etap BMG-niň gözegçiligi astynda bolmaly. Köptaraplaýyn bolmaly. Her tarapyň söz azatlygy bolmaly. Siriýadaky we Siriýanyň daşyndaky ähli siriýalylary öz içine almaly, soňky 7 ýylda ýerlerinden göçen, meniň ýurdumdaky we beýleki ýurtlarda bosgun ýagdaýynda bolan ähli adamlary öz içine almaly. Ynamly, açyk we demokratik saýlawlar bolmaly. Bu saýlawlardan soň, siraýylar ýurtlaryny kimiň dolandyrmalydygyna karar bermeli” diýdi.



Degişli Habarlar