Yragyň demirgazygyna howa hüjümi guraldy

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygynda harby baza hökmünde ulanylýan Sinjar we Karajak daglaryna howa hüjümi guraldy

1106549
Yragyň demirgazygyna howa hüjümi guraldy

 

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, PKK/KJK/PÝD/ÝPG-ä we beýleki terror guramalaryna agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirip, Yragyň demirgazygyndan halka we howpsyzlyk güýçlerine garşy guralýan terrorçylykly hüjümleri ortadan aýyrmak we serhetgalasynda howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin BMG-nyň 51-nji maddasynyň çäginde halkara hukugyna laýyklykda howa hüjümi guraldy.

Yragyň demirgazygyna guralan howa hüjüminde terrorçylar tarapyndan harby baza hökmünde ulanylýan Sinjardaky Karajak dagyndaky terrorçylar nyşana alyndy.

Terrorçylara degişli gaçybatalgalar we ýarag ammarlary nyşana alyndy we hatardan çykaryldy. Howa hüjüminde asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin ünsli çemeleşildi.

Beýanatda “Türk ýaragly güýçleri geçmişde bolşy ýaly şu günki günde hem ýurdumyzyň we halkymyzyň howpsyzlygy üçin öz üstümize düşýän jogapkärçiligimizi ýerine ýetirmäge dowam eder” diýildi.



Degişli Habarlar