"Türkiýe özüne howp abanan halatynda şol howpy ortadan aýyrmak üçin gyssagly işe girişer”

Çelik ozal hem “DAIŞ-e garşy göreş bahanasy” terror guramasyna konteýnerler bilen ýarag kömeginiň berlendigini ýatlatdy

1105259
"Türkiýe özüne howp abanan halatynda şol howpy ortadan aýyrmak üçin gyssagly işe girişer”

Adalat we Ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik “ABŞ-nyň Siriýanyn demirgazyk gündogarynda 35-40 müň adama tälim berendigi” hakynda öňe sürülýän habarlar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýtdy.

Çelik ozal hem “DAIŞ-e garşy göreş bahanasy” terror guramasyna konteýnerler bilen ýarag kömeginiň berlendigini ýatlatdy.

“Geçmişde Owganystanda hem şuňa meňzeş ýalňyşlyklar edildi. Amerikan howpsyzlyk güýçleri mundan ders almaly” diýen Çelik, Owganystanda terror guramasyna garşy söweşmek üçin başga bir terror guramasyna goldaw berlendigini emma şol terror guramasynyň soň gözegçilikden çykyp dünýä ýurtlary üçin howply ýagdaýa gelendigine ünsi çekdi.

Çelik “Ol ýerde 35-40 müň adama tälim bermekden gürrüň etmek Türkiýe Respublikasy taýdan ol ýerdäki terrorçy toparlaryna berilýän goldawyň dowam etmegi diýmekdir. Türkiýe Respublikasyna özüne howp abanan halatynda şol howpy ortadan aýyrmak üçin gyssagly işe girişer” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar