“Siz näme üçin biziň bilen däl eýsem olar bilen birlikde hereket edýärsiňiz"

Prezident Erdogan Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçdi

1105543
“Siz näme üçin biziň bilen däl eýsem olar bilen birlikde hereket edýärsiňiz"

 

Prezident R. T. Erdogan Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky terrorçylaryň ýok edilmegi üçin birnäçe günüň içinde operasiýa başlatjakdyklaryny aýtdy.

Prezident Erdogan Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde geçirlen Türk goranyş senagaty maslahatyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan maslahatda sözlän sözünde Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçdi.

Erdogan “Siriýanyň demirgazygy biziň günortamyz. Siriýanyň demirgazygynda terror korydoryny açmak isleýärler. Biz “Bular terrorçy” diýýäris, biziň strategik hyzmatdaşymyz ABŞ bolsa “Olar terrorçy däl” diýýär. Olar ýagny ÝPG, PKK-nyň Siriýadaky bölegi”diýdi.

Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK bilen birlikde hereket edýän ABŞ-na garşylyk görkezen Erdogan “Siz näme üçin biziň bilen däl eýsem olar bilen birlikde hereket edýärsiňiz. Manbyjde henizem netije alyp bilmedik, jenap Tramp 30 günde olary ýok ederis diýýär. Göreli bakaly ýok edip bilermi”diýdi.

Erdogan ABŞ-nyň Manbijiň ÝPG/PKK-dan saplanmagy meselesinde güýmemek taktikasyny alyp barýandygyny aýratyn belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar