"Terrora garşy tutanýerli göreş dowam eder"

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi

1096135
"Terrora garşy tutanýerli göreş dowam eder"

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

Maslahatdan soň berlen ýazmaça beýanatda, käbir ýurtlaryň Fetullahçy terror guramasy FETÖ/PDÝ-ni we PKK/KJK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG-ni terror guramasy hökmünde kabul etmezliginiň terrora garşy göreşe zeper ýetirýändigi nygtaldy.

Beýanatda Siriýa we Yraga ornaşan terror guramalary sebäpli Türkiýäniň günorta serhetlerine abanýan howpa garşy raýatlaryň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi maksady bilen terrora garşy tutanýerli göreşiň dowam etjekdigi bellenildi.

Beýanatda Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky terrorçylar sebäpli Siriýa meselesiniň syýasy taýdan çözülmegine uly howpyň abanýandygy ýatladyldy.

Beýanatda “Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda Siriýa meselesiniň yzygiderli ýagdaýda çözülmegi maksady bilen BMG-nyň gözegçiliginde iş alyp barjak Konstitutsiýa komitetiniň gysga wagtda döredilmegi bilen çözgüt üçin kesgitlenen iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti seljerildi. Siriýa tarapyndan haýsydyr bir hüjüm guralan halatynda degişli jogabyň beriljekdigi nygtaldy” diýildi.

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň jarnamasynda hem, Türkiýäniň milli howpsyzlygyna wehim salýan, Yraga ornaşan terror guramasy PKK/KJK tarapyndan abanýan howpa garşy Türk ýaragly güýçleri tarapyndan geçirilýän operasiýalaryň dowam etjekdigine üns çekildi.

Jarnamada Türkiýäniň PKK/KJK we DAIŞ bilen birlikde ähli terror guramalaryna garşy yragyň halkyna we hökümetiniň alyp barýan göreşine goldaw berjekdigi ýene-de bir gezek nygtaldy.

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda şeýle hem Türkiýäniň we Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň hak-hukuklaryna we bähbitlerine garşy hereketleriň asla kabul edilmejekdigi aýratyn bellenildi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar