Erdogan AK partiýanyň adyndan ýerli saýlawlarda bäsleşjek 40 welaýatyň dalaşgärlerini tanyşdyrdy

Ýerli saýlawlar 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçirler

1094298
Erdogan  AK partiýanyň adyndan ýerli saýlawlarda bäsleşjek 40 welaýatyň dalaşgärlerini tanyşdyrdy

Prezident R. T. Erdogan Stambulda Haliç kongres merkezinde geçirlen dabarada Adalat we ösüş partiýasynyň adyndan ýerli saýlawlarda bäsleşjek 40 welaýatyň dalaşgärlerini tanyşdyrdy.

Prezident Erdogan Ankara, Stambul we Izmir şäher häkimlikleri üçin bäsleşjek dalaşgärler barada bolsa heniz maglumat bermedi.

Erdogan saýlaw meýilnamasyny hem öňümizdäki aý dalaşgärleriň dolulygyna tanyşdyrylmagyndan soň halka hödürlejekdiklerini aýtdy.

Erdogan üç uly şäheriň şäher häkimlikleri üçin dalaşgär hödürlemän Adalat we ösüş partiýasynyň dalaşgärlerine goldaw berjekdiklerini aýdan Milletçi Hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçela sag bolsun aýtdy.

Milletçi Hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli düýn beren beýanatynda Stambul, Ankara we Izmir şäherleriniň şäher häkimlikleri üçin partiýanyň adyndan dalaşgär hödürlemejekdiklerini, şol şäherlerde Adalat we ösüş partiýasynyň adyndan saýlawda bäsleşjek dalaşgäre goldaw berjekdiklerini aýdypdy.

Ýerli saýlawlar 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçirler.



Degişli Habarlar