"Hüjümlere gaýtawul bermegimiz ABŞ-ny biynjalyk etdi”

“Ýefradyň gündogaryndan bize guralan hüjümlere degişli jogabyň beriljekdigini görkezdik"

1093663
"Hüjümlere gaýtawul bermegimiz ABŞ-ny biynjalyk etdi”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Ýefradyň gündogaryndan howp abanan halatynda degişli jogabyň beriljekdigi baradaky ýüzlenmesiniň ABŞ-ny biynjalyk edendigini aýtdy.

Hususy telewideniýe kanalynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada möhüm beýanat beren Çawuşogly, ABŞ-na guran saparynda Siriýa meselesiniň ähli taraplaýyn seljerlendigini, Idlib, Manbij we Ýefradyň gündogary meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtady.

“Ýefradyň gündogaryndan bize guralan hüjümlere degişli jogabyň beriljekdigini görkezdik. Hüjümlere gaýtawul bermegimiz ABŞ-ny biynjalyk etdi”diýdi.

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG-niň, ABŞ-nyň berýän goldawy netijesinde öz güýjüni dowam etdirýändigini aýdan Çawuşogly “ÝPG biziň üçin uly howp we terror guramasyna garşy göreşimizi dowam etdirjekdigimizi aýtdyk”diýdi.

 

 



Degişli Habarlar