"Erdogan Mirasdar Şazada Muhammed Bin Salman bilen duşuşyp biler"

Kalyn Erdoganyň Argentinada Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy bilen duşuşyp bilerjekdigini nygtady

1093103
"Erdogan Mirasdar Şazada Muhammed Bin Salman bilen duşuşyp biler"

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Prezident R. T. Erdoganyň Argentinada geçiriljek G-20 maslahatynyň çäginde Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman bilen duşuşyp biljekdigini aýtdy.

Ibrahim Kalyn paýtagt Ankarada Ýyldyrym Baýazit uniwersitetinde geçirlen Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary temaly forumdan soň metbugata beýanat berdi.

Kalyn žurnalistleriň Argentinada geçiriljek G-20-niň liderler maslahatyna Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salmanyň hem gatnaşjakdygy aýdylýar we Şazada ol ýerde Prezident Erdogan bilen duşuşarmy? diýen soraga “Duşuşyp biler” diýip jogap berdi

 

 



Degişli Habarlar