Erdogan terrorçylyga garşy meselesinde ÝB-ne agza ýurtlara reaksiýa bildirdi

R.T. Erdogan Prezidentiň kompelsinde Arçynlaryň 48-nji maslahatyna gatnaşdy

1092363
Erdogan terrorçylyga garşy meselesinde ÝB-ne agza ýurtlara reaksiýa bildirdi

Maslahatda çykyş eden Erdogan: “Şol gowy görýän terrorçylaryňyz bähbitlerine ters hereket eden günüňiz sizden diňe bir ýigrenmezler, ýaraglaryny size çenärler” diýdi.

Çykyşynda terrorçylara gujak açyp, olara hemaýat berýän günbatar ýurtlaryny tankyt eden Erdogan; “Türkiýe agdarlyşyga synanşyk eden Fetullahçy terror guramasynyň agzalaryny başyna täç edinen haýsydyr bir ýurduň, guramanyň demokratiýa sözüni agzamaga haky ýok” diýdi.

Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetiniň tesktremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşygy bolan syýasy partiýanyň ozalky egindeş başlygy Selahattin Demirtaşa hemaýat beriji beýannamasyna hem reaksiýa bildiren Erdogan; “Siz ÝB-niň organlaryndan haýsydyr biriniň Demirtaşyň 6-8-nji oktýabr wakalarynda adamlara dolulygyna ýalan bolan beýanatlar bilen meçew berip, 50 sany bigünä adamyň köçelerde wagşylarça öldürilmegine sebäp bolmagy barada haýsydyr bir beýnatyny eşitdiňizmi?” diýdi.

Günbatar ýurtlaryna: “Şol gowy görýän terrorçylaryňyz bähbitlerine ters hereket eden günüňiz sizden diňe bir ýigrenmezler, ýaraglaryny size çenärler” diýdiýen Erdogan; “ÝB-niň terror guramasy tarapyndan ykrar edýän, gundakdaky bäbekden 80 ýaşly garra çenli her bir ýaşdan onlar müň adamyň ganhory bolan PKK berilen goldawy şol zalymlaryň gurbanlaryndan gysganýanlara hiç haçan çynlakaý çemeleşmeris” diýdi.

Çykyşynda 2013-nji ýylda daşky gurşaw bahanasy bilen köçeleriň oda berilip, ýumrulan “Gezi Parky” wakasy barada-da durup geçen Erdogan; “Gezi Parky” wakalary Türkiýäni galkyndyrjak, geljege alyp gitjek näçe taslama bar bolsa, ählisiniň garşysynda durmagyň ady” diýdi.



Degişli Habarlar