Prezident Erdogan Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetine nägilelik bildirdi

Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi

1091646
Prezident Erdogan Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetine nägilelik bildirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetiniň, Halklaryň demokratik partiýasynyň egindeş başlygy Selahattin Demirtaş bilen bagly talabynyň Türkiýe tarapyndan kabul edilmejekdigini beýan etdi.

Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi, ondan soň bolsa metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Erdogan, Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetiniň ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşygy bolanlygy öňe sürülip, özüne garşy gozgalan kazyýet işi dowam edýän Selahattin Demirtaşyň azat edilmegi baradaky kararyň ýatladylmagyna: “Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetiniň kararlary Türkiýe tarapyndan kabul edilmez. Şu günki güne çenli gurama bilen baglanşykly kararlaryň aglabasy, bize garşy. Edip biljek köp zatlary bar. Garşy tarapa göçüm ederis. Terror dowam edýär” diýip belledi.

Erdogan partiýasynyň topariçi maslahatynda eden çykyşynda hem, Günbatar dünýäsiniň daşky gurşaw ady bilen köçeleri ýykyp-ýumuranlara eýe çykýandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar