Hulusi Akar we Hakan Fidan Russiýa gitdiler

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar we Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan Russiýa gitdiler

1091631
Hulusi Akar we Hakan Fidan Russiýa gitdiler

Akar we Fidan paýtagt Moskwada Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu we beýleki resmiler bilen duşuşyk geçirdiler.

Akar we Şoýgu geçiren duşuşyklarynda sebitleýin meseleler bilen birlikde Soçide gol çekişilen şertnamadan soň Siriýanyň Idlib sebitindäki çaknyşyksyz zolakdaky soňky ýagdaýy ele aldylar.

Türkiýe we Russiýa 17-nji sentýabrda Idlib çaknyşyksyz zolagynyň ýaragsyzlandyrylmagy şertnamasyna gol çekipdiler.

Siriýaly oppozisionerler, ylalaşyga laýyklykda agyr ýaraglaryny Idlib çaknyşyksyz zolagyndan yza çekipdiler.  



Degişli Habarlar