Putin ýörite uçar bilen Stambula geldi

Putin TürkAkymy taslamasynyň deňiziň aşagyndan geçýän bölüminiň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşar

1090819
Putin ýörite uçar bilen Stambula geldi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin TürkAkymy turba geçiriji taslamasynyň deňiziň aşagyndan geçýän bölüminiň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin ýörite uçar bilen Stambula geldi.

Rus lideri Putini Atatürk howa menzilinde Stambulyň gubernatory Ali Ýerlikaýa, şäher häkimi Mewlüt Uýsal we Russiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alekseý Ýerhow bilen birlikde Türkiýeli we Russiýaly ýolbaşçylar garşylady.

TürkAkymy tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň deňiziň aşagyndan geçýän bölüminiň tamamlanmagy mynasybetli şu gün Stambulda Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda dabara geçirler.

Rus gazyny Türkiýä we Ýewropa akdyrjak TürkAkymy turba geçiriji taslamasy, Garadeňiziň aşagyndan geçýän her biri 15,75 milliard kub meterlik mümkinçilige eýe bolan 930 kilometr uzynlygyndaky 2 turba geçirijiden emele gelýär



Degişli Habarlar