Türkiýe ABŞ-nyň terror guramasy PKK/ÝPG bilen edýän hyzmatdaşlygyny bes etmegine garaşýar

Akar Halkara Halifaks howpsyzlyk forumyna gatnaşmak üçin Kanada gitdi

1089733
Türkiýe ABŞ-nyň terror guramasy PKK/ÝPG bilen edýän hyzmatdaşlygyny bes etmegine garaşýar

Halkara Halifaks howpsyzlyk forumyna gatnaşmak üçin Kanada giden Milli goranmak ministri Hulusi Akar, forumda eden çykyşynda amerikaly esgerler bilen PKK/ÝPG-li terrorçylaryň duşuşandygy hakyndaky ýazgylaryň özlerini biynjalyk edýändigini nygtady.

Akar “ABŞ-dan wada berşi ýaly terror guramasy ÝPG bilen edýän gatnaşygyny bes etmegine garaşýarys. Terror guramasy DAIŞ-iň umuman alnanda täsirsiz ýagdaýa getirlendigine garamazdan ABŞ-nyň terror guramasy ÝPG-ä konteýnerler we uçarlar bilen ýarag kömegini bermegini kabul etmeýäris. Günorta serhedimizde terror koridorynyň döredilmegine asla rugsat bermeris” diýdi.

Akar çykyşynda FETÖ-niň ýolbaşçysynyň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na degişli resminamalaryň ugradylandygyny ýatlatdy.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar