“Gelen etabymyzda mundan beýläk halkara derňewiň geçirilmeginiň hökmanydygy görünýär”

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Jemal Kaşykçy jenaýaty bilen bagly: “Gelen etabymyzda mundan beýläk halkara derňewiň geçirilmeginiň hökmanydygy görünýär” diýip belledi

1088096
“Gelen etabymyzda mundan beýläk halkara derňewiň geçirilmeginiň hökmanydygy görünýär”

TBMM-de soraglara jogap beren Mewlüt Çawuşogly, Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi babatynda Türkiýäniň açyk bir derňew geçirendigini we bütin dünýäniň muny kabul edendigini habar berdi.

“Halkara jemgyýet bilen açyk ýagdaýda bu etaby alyp barýarys” diýen Çawuşogly: “Ilki başda häzirlikçi biz Saud Arabystany bilen derňew toparyny döredeliň, häzirki wagtda halkara kazyýete ýüz tutmak islemeýäris diýipdik, emma gelen etabymyzda mundan beýläk halkara derňewiň geçirilmeginiň hökmanydygy görünýär. Näme bolsa bolsun, biz bu jenaýatyň ähli taraplaýyn derňelmegi üçin näme gerek bolsa ederis. Ýapmaga çalyşylmaz, ylalaşylmaga çalşylmaz” diýip nygtady.

Kaşykçynyň wagşylyk bilen öldürilendigini aýdan Çawuşogly, Razwedka we Içeri işler edaralarynyň ýygnan subutnamalaryny görmek isleýänlere görkezendigini habar berdi.

Resmi nika işleri üçin 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky baş konsullugyna giren Jemal Kaşykçy, ol ýerde wagşylyk bilen öldürildi.



Degişli Habarlar