"Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Atatürki uly hormat bilen hatyralaýarys"

Prezident R. T. Erdogan 10-njy noýabr Gazi Mustafa Kemal Atatürkiň dünýeden öten günü mynasibetli ýüzlenme çap etdi.

1084815
"Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Atatürki uly hormat bilen hatyralaýarys"

Prezident Erdogan, Gazi Mustafa Kemalyň milletine bolan ynamy we ynanjy bilen çykan çarkandakly ýolda, halky bir maksada ýetmek üçin birleşdirendigini we garaşsyzlyk göreşiniň netijesinde Respublikanyň döredilendigini nygtady.

Erdogan Gazi Mustafa Kemalyň alyp baran gaýduwsyz  göreşiniň ýaşlara we çagalara iň gowy ýagdaýda düşündirilmelidigini belledi.

Erdogan “Onuň iň uly eserim” diýen Respublikamyzyň müdümi ýaşamagy we ýagty geljegi üçin öz üstümize düşýän jogapkärçiligimizi birlikde ýerine ýetirmelidiris” diýdi.

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Atatürki dünýeden öten gününiň 80-nji ýylynda uly hormat bilen hatyralan Erdogan “Garaşsyzlygynyň 95-nji ýylyny buýsançly ýagdaýda belläp geçýän Türkiýe, durnukly ýagdaýda ösmäge dowam edýär. Ata-babalarymyzyň duçar bolan ähli kynçylyklaryny jebislikde ýeňip geçendiklerini, milli we ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklandyklaryny, öz maksadyna ýetmek üçin asla egilik etmändigini, garaşsyzlygy we geljegi janyny pida etmek bilen eýe çykandygyny ýatdan çykarmalyň” diýdi.

Prezident Erdogan “Milli ygtyýara eýe çykmak, demokratiýanyň güýçlendirilmegi we 2023-nji ýyl üçin kesgilenen maksadymyza ýetmek üçin arman ýadaman işlemäge dowam edýäris we geljege uly umyt bilen garaýarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar