Türkiýe bilen ABŞ Manbijde bilelikdäki gözegçilik işlerine başlady

Taraplar bilelikdäki gözegçilik işleri üçin tälimlerini 25-nji oktýabrda tamamlapdy

1079870
Türkiýe bilen  ABŞ Manbijde bilelikdäki gözegçilik işlerine başlady

Türk ýaragly güýçleri bilen ABŞ-nyň ýaragly güýçleri Manbij iş meýilnamasynyň çäginde etrapda bilelikdäki gözegçilik işlerine başlady.

Taraplar bilelikdäki gözegçilik işleri üçin tälimlerini 25-nji oktýabrda tamamlapdy.

Türkiýe bilen ABŞ 4-nji iýunda ÝPG/PKK-nyň Siriýanyň demirgazygynda Ýefrat derýasynyň günbatarynda basyp alan ýeri bolan Manbijden çekilmegi babatynda ylalaşyk gazanypdy.

 

 


Etiketkalar: #tälim , #gözegçilik , #ABŞ , #esger

Degişli Habarlar