"Terrora garşy tutanýerli göreş dowam eder"

“Terrorçylar Manbijde hendek gazmak bilen öz gubyrlaryny taýarlaýar”

1076672
"Terrora garşy tutanýerli göreş dowam eder"

Prezident Erdogan terrora garşy tutanýerli göreşiň dowam etjekdigini aýtdy.

Prezident R. T. Erdogan Žandarma we Kenarýaka howpsyzlyk Akademiýasynyň stationynda geçirlen gutardyş dabarasyna gatnaşdy.

Çykyşynda ekstremist terror guramasyna garşy göreş barada durup geçen Prezident Erdogan terror guramasynyň Manbijde çukur gazandygyny ýatlatdy.

Prezident Erdogan “Terrorçylar Manbijde çukur gazmak bilen öz gubyrlaryny taýarlaýar” diýdi.

Erdogan “Afrinde bolşy ýaly Manbij, Aýnel Arab we Tel Abýad bilen birlikde Siriýanyň demirgazygyndaky beýleki ýerleri terror guramasynyň zulumyndan halas ederis” diýip belledi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň Ýefrat Galkany we Zeýtun Şahajygy operasiýalarynda ulnan milli ýaraglary bilen özüni görkezendigine aýratyn ünsi çekdi

 



Degişli Habarlar