Dört lider Siriýa meselesini seljerer

Dört ýurduň lideri maslahatyň ahyrynda bilelikdäki jarnama gol goýar

1076745
Dört lider Siriýa meselesini seljerer

Türkiýäniň ýolbaşçyk etmeginde Siriýa temaly dörttaraplaýyn maslahat Germaniýanyň, Fransiýanyň we Russiýanyň gatnaşmagynda şu gün Stambulda geçirler.

Wahdettin köşgündäki dörttaraplaýyn maslahat Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirler.

Russiýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri maslahata gatnaşmak üçin Wahdettin köşgüne geldi.

Maslahatda Idlib ylalaşygy bilen Siriýa krizisiniň syýasy taýdan çözülmegi meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Dört ýurduň lideri maslahatyň ahyrynda bilelikdäki jarnama gol goýar.

Maslahata Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Mistýra hem gatnaşar.

 



Degişli Habarlar