Erdogan, Kaşykçy wakasy bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, saudy žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýatynyň ýüze çykarmagynyň adalatyň öňündäki jogapkärçilikdigini belläp, wakanyň garaňky taraplaryny ýagtyltjak delliler orta çykdygy saýyn media bilen paýlaşyljakdygyny nygtady

1074828
Erdogan, Kaşykçy wakasy bilen bagly beýanat berdi

Erdogan Beştepe Millet medeniýet we kongres merkezinde geçirilen Döwlet Geňeşi simpoziumynda çykyş etdi.

Çykyşynda 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullugynda başdan geçirilen Jemal Kaşykçy jenaýatynyň üstünde durup geçen Erdogan: “Entek iş gutarmady, sökýäris, çykarýarys we indi dünýä bu işe ýakyndan gözegçilik edýän ýagdaýda geldi. Munyň halkara atmosferasyny emele getirmek hem bu etabyň aslynda garanyňda bir öňbaşçysydyr” diýdi.

Erdogan soňky 16 ýylda kazyýetden ykdysadyýete çenli reformalar geçiren Türkiýäniň, asudalyk içinde we ynam beren bir ýurda öwrülendigini beýan etdi.

Nirede zulum bar bolsa, onuň aýrylmagy üçin ellerinden gelenini edýändiklerini aýdan Erdogan: “Diňe özümiz üçin däl, her kim üçin adalat isleýäris. Adamy adam eden gymmatlyklary maddy bähbitlere çalşylmazlygynyň tarapdarydyrys. Hiç bir tarapa töhmet atmadan, dolulygyna wakanyň derňelmegi üçin işledik. Kaşykçy jenaýaty bilen Içeri işler edarasynyň, razwedkanyň we prokuraturanyň häzirki wagta çenli tapan subutnamalaryny adamlar bilen paýlaşdyk. Bu işiň bir düzgün-kadasy bar” diýdi.

Erdogan: “Bu diňe ýurdumyzyň çäklerinde bolan wagşyçylykly bir jenaýatda ýogalan Kaşykçy üçin däl, eýsem adalatyň öňündäki bir jogapkärçiligimizdir. Wakanyň garaňky taraplaryny ýagtyltjak delliler orta çykdygy saýyn media bilen paýlaşarys” diýip mälim etdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Jemal Kaşykçy

Degişli Habarlar