Çawuşogly: “Türkiýe-Germaniýa gatnaşyklarynyň depgini güýçlendi”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe-Germaniýa gatnaşyklarynyň depgininiň güýçlenendigini aýtdy

1074608
Çawuşogly: “Türkiýe-Germaniýa gatnaşyklarynyň depgini güýçlendi”

Prezident R.T.Erdoganyň Germaniýa guran saparynyň özara gatnaşyklara syýasy hem-de ykdysady taýdan goşan goşantlary barada beýanat beren Çawuşogly, köp sanly ugruň içginlik we aç-açanlyk bilen seljerilmegine şert döreden saparyň diýseň netijeli hem-de üstünlikli geçendigini aýtdy.

Germaniýanyň Ykdysadyýet ministri Peter Altmaieriň işewürler topary bilen üstümizdäki aýyň 25-26-sy aralygynda Türkiýä geljekdigini ýatladan Çawuşogly; “Gatnaşyklarymyzyň dartgynly döwründe geçirilmedik dürli ugurlardaky mehanizmleriň işleri ýaňadandan ýola goýulýar. Goranyş senagatyndan söwda pudagyna çenli köp sanly ugurda oňyn başlangyçlar edilýär” diýdi.

Türkiýäniň ÝB bilen gatnaşyklar we geljek tapgyrda ediljek işler boýunça Germaniýanyň has oňyn çemeleşýändigini aýdan Çawuşogly, Germaniýadan Türkiýä gelen syýahatçylaryň sanynda-da uly ösüşiň bardygyna ünsi çekdi.



Degişli Habarlar