Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezident Rejep Taýýip Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdulaziz bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1072270
Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Diwanyndan alynan maglumata görä, düýn agşam geçirilen telefon söhbetdeşliginde dereksiz ýiten Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy meselesi ara alynyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan we Saud Arabystanynyň Şasy Selman, Kaşykça wakasy bilen bagly başladylan derňew işiniň netijeli bolmagy taýdan iki ýurdyň doly ýagdaýda hyzmatdaşlyk içinde işleşmegini dowam etdirmelidiklerini bellediler.

Telefon söhbetdeşliginde her iki ýurt tarapyndan alynyp barylýan derňew işiniň dowam edişi barada ikitaraplaýyn häsýetde maglumat çalşygy boldy.

Prezident Erdogan we Saud Arabystanynyň Şasy Selman, şol mesele bilen baglanşykly geçen hepdäniň ýekşenbe güni hem telefon söhbetdeşligini geçiripdiler.



Degişli Habarlar