Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň öz howpsyzlygy üçin geçirýän serhetaşa operasiýasy bilen birlikde, adamzat pozisiýasy bilen hem dünýäniň takdyryny alýandygyny belledi

1072125
Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Erdogan Izmirde Dokuz Eýlül uniwersitetiniň täze okuw ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Çykyşynda Siriaýdaky içerki söweşiň üstünde durup geçen Erdogan: "Siriýada umytlar entegem janly bolsa, iň uly paý Türkiýe degişlidir" diýdi. 

Türkiýäniň terrora garşy göreşde uly üstünlikler elde edendigini aýdan Erdogan: "Şu günki gün Yrakdan Siriýa, Ýewropadan Orta Aziýa çenli dünýäniň her ýerinde terrorçylara durmuşlaryny zyndan edýäris. Hinlerine gireris diýipdik we hinlerine girdik" diýdi. 

Her kimiň arkasyna öwrülen Siriýada umytlar entegem janly bolsa, iň uly paýyň Türkiýä degişlidigini aýdan Erdogan: "Afrinde, Idlibde, Jarablusda şolar ýalydyr. Biz bolmasak belkem bu adamlar şu wagt bolmazdy" diýdi. 

 


Etiketkalar: #Erdogan , #Izmir

Degişli Habarlar