Prezident Erdogan Moldowada saparda bolýar

Moldowada resmi saparda bolýan Prezident Rejep Taýýip Erdogana Respublika ordeni berildi

1070861
Prezident Erdogan Moldowada saparda bolýar

Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon, Türkiýe bilen ýurdunyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar bilen tapawutly ugurlarda hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi we şol bir wagtda ýurduna berýän goldawy üçin Prezident Erdogana Respublika ordenini gowşurdy.

Moldowanyň Prezident Diwany tarapyndan berilen beýanatda: “Moldowanyň Prezidentiniň buýrugy bilen, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşmagy esasynda Respublika ordeni gowşuryldy” diýip bellendi.

Beýanatda Respublika ordeniniň ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň özgerdilmegini we halklaryň biri-birlerine ýakynlaşmagyny üpjün edýän ýurtlaryň liderlerine, ministrlerine we ilçilerine berilendigi mälim edildi.

Altyn çaýylan orden, Ministrler kabinetiniň mejlisiniň karary we Prezidentiň inisiatiwasy esasynda berilýär.

Iki lideriň gatnaşmagynda ondan soň, Türkiýäniň we Moldowanyň arasynda 5 şertnama gol çekildi.

Ylalaşyklaryň arasynda iki ýurdyň raýatlarynyň ikitaraplaýyn häsýetde paspordyň ýerine şahsy kart bilen syýahat etmekleri hem bar.

Erdogan we Dodon ondan soň, abatlaýyş işleri TIKA tarapyndan edilen Ýädygärlik daşynyň açylyşyny ýerine ýetirdiler.  

Iki lider ondan soň bolsa Prezidentiň köşgünde özleriniň adyndan oturdylan ýaş nahallaryň üstüne gum guýdular we suwladylar. 
 


Etiketkalar: #Moldowa , #sapar , #Igor Dodon , #orden

Degişli Habarlar