Prezident Erdogan Donald Trampa jogap berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň kazyýetiniň amerikaly ruhany Endrýu Branson bilen baglanşykly kararyny garaşsyz ýagdaýda berendigini mälim etdi

1068159
Prezident Erdogan Donald Trampa jogap berdi

Erdogan ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampa sosial media saýty Twitteriň üsti bilen jogap berdi. 

Erdogan: "Hormatly Prezident, hemişe aýdyşym ýaly Türkiýäniň kazyýeti kararyny garaşsyz ýagdaýda berdi. ABŞ-niň hem Türkiýe ýaly iki hyzmatdaşa gelişjek ýagdaýda hyzmatdaşlygyny dowam etdirer diýip umyt edýärin. PKK, FETÖ we DAIŞ başda bolmak bilen terror guramalaryna garşy umumy ýagdaýda göreşer diýip umyt edýärin" diýdi. 

Donald Tramp, Bransonyň azat edilmegi bilen baglanşykly sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen ondan öň beýanat beripdi. 

Tramp: "Bransony ýaňadandan görmek gowy bolar. Kömegi üçin Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirmek isleýärin" diýipdi. 

Terror guramalarynyň adyndan jenaýatçylykly işler we içalylyk edendigi sebäpli düýn Izmirde 4-nji gezek kazyýetiň öňüne çykan amerikaly ruhany Branson, 3 ýyl 1 aý azatlykdan mahrum edilipdi, tussagly bolan günleri hasaba alynyp, azat edilipdi. 


Etiketkalar: #Erdogan , #Donald Tramp

Degişli Habarlar