Prezident Erdogan Wengriýa sapary barada beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: “Wengriýa bilen NATO, Ýewropa Geňeşi we Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara guramalaryň çägindäki jebisligimiz beýleki ýurtlara nusgadyr” diýip belledi

1065638
Prezident Erdogan Wengriýa sapary barada beýanat berdi

Prezident Erdogan özi tarapyndan ýazylan Wengriýa sapary atly makalany sosial media hasabynyň üsti bilen paýlaşdy.

Erdogan: “Çuňňur we berk gatnaşyklarymyz bolan Wengriýa bilen hyzmatdaşlygymyzy artdyrmak üçin ikitaraplaýyn häsýetde tagalla edýäris. Wengriýa bilen NATO, Ýewropa Geňeşi we Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara guramalaryň çägindäki jebisligimiz beýleki ýurtlara nusgadyr” diýip nygtady.

2013-nji ýylda emele getirilen Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşi bilen soňky 5 ýylda Wengriýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ähli ugurlar boýunça uly öňe gidişlikler edendiklerini aýdan Erdogan, 2013-2017-nji ýyllar aralygynda ikitaraplaýyn söwda kuwwadymyz 38 göterimlik artyş bilen, 2,6 milliard dollara ýetendigini habar berdi.  

Erdogan saparyň çäginde geçirilen, işewür dünýäsi bilen netijeli gepleşikleriň geçirilmegine sebäp döreden Türkiýe-Wengriýa Işewürler forumy bilen 5 milliard dollarlyk söwda kuwwadyna ynamly ädimler bilen ýetjekdiklerini, logistikadan energetika, gurluşykdan syýahatçylyga, goranmak pudagyndan oba-hojalyga çenli ençeme ugur boýunça Wengriýa bilen bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin tutanýerlilik bilen işleşjekdiklerini mälim etdi.

Erdogan: “Afrikada we Orta Aziýada hem mümkinçiliklerimizi birleşdirýäris. Afrikanyň galkynmgyna goşant goşmak maksady bilen Wengriýa bilen işleşmegimizi dowam ederis, Aziýa bilen Wengriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenip, diwersifikasiýalaşmagy babatynda goldawymyzy dowam etdireris” diýip belledi.

Erdogan duşenbe we sişenbe güni Wengriýada resmi saparda boldy.


Etiketkalar: #Erdogan , #Wengriýa , #sapar

Degişli Habarlar