Erdogan: “Wengriýa ÝB-ne agzalyk tapgyrynda elmydama Türkiýäni goldady”

Prezident R.T.Erdogan Wengriýanyň ÝB-ne agzalyk tapgyrynda elmydama Türkiýäni goldap gelendigini aýtdy

1064877
Erdogan: “Wengriýa ÝB-ne agzalyk tapgyrynda elmydama Türkiýäni goldady”

Prezident Erdogan Wengriýa guraýan resmi saparynyň çäginde Premýer ministr Wiktor Orban bilen Milli Mejlisde bolan duşuşygyndan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Erdogan, žurnalistlerden biriniň: “Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk gepleşikleriniň depgininiň güýçlendirilmegi üçin ÝB-ne agza ýurtlardan nämelere garaşýaňyz? Bu ugurda geljekki tapgyrda işleriň depgininiň güýçlendirilmegine garaşýaňyzmy?” diýlen soraga jogap berýärkä, ilki bilen bu mesele barada garaýyşlaryny beýan eden Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orbana sagbolsun aýtdy.

R.T.Erdogan; “Çünki ÝB-ne agzalyk tapgyrynda hakykatdan hem elmydama bizi goldadylar” diýdi.

Bu tapgyrda 1963-nji ýyldan 2018-nji çenli gelinendigini ýatladan Erdogan; “Türkiýe 1963-nji ýyldan bäri güýmelip gelindi. ÝB-ne agza ýurtlaryň hiç haýsyna şeýle zulum edilmedi. Ne kabul, ne-de ýok. Kabul edýän bolsaňyz ediň, etmeýän bolsaňyzam etmäň. Durnukly bolunmaly, içgin çemeleşilmeli. Kabul etjek bolsaňyz duýduryň, kabul etmejek bolsaňyzam aç-açan aýdyň. Ne siz biziň wagtymyzy alyň, ne-de biz siňiz wagtyňyzy alaly. Siz ýoluňyza, biz ýolumyza. Men aç-açanlygy, dogruçyllygy halaýaryn. Bu başlangyjak şuňa laýyklykda etmelimikä öýdýärin we şu häzirki wagtda sabyr edýäris, soňy bähbit bolsun diýýärin” diýdi.



Degişli Habarlar