Prezident Erdogan Wengriýada saparda bolar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan resmi sapar bilen şu gün Wengriýa gider

1064112
Prezident Erdogan Wengriýada saparda bolar

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä, Prezident Erdogan, Wengriýanyň Prezidenti Ýanoş Ader bilen geçirjek duşuşygy birlikde Mejlisiň başlygy Laszlo Köwer we Premýer ministr Wiktor Orban bilen hem duşuşyklar geçirer.

Duşuşyklarda syýasy, harby, howpsyzlyk, goranmak senagaty, ykdysadyýet, söwda, medeni we sosial ugurlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar ele alynar.

Mundan başgada Türkiýe-ÝB gatnaşyklary, bosgun akymy we terrora garşy göreş bilen birlikde iki ýurdyň gün tertibindäki sebitleýin we halkara meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.

Saparyň çäginde Prezident Erdoganyň, ýurdyň Premýer ministri Wiktor Orban bilen Budapeştdäki Gül Baba aramgähiniň resmi açylyşyn gatnaşmagyna garaşylýar.

Erdoganyň mundan başgada Türkiýe-Wengriýa Işewürler forumyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.


Etiketkalar: #Erdogan , #Wengriýa

Degişli Habarlar