Pakistan Türkiýe bilen goranyş senagatynda edýän hyzmatdaşlygyny ösdürmek isleýär

Türkiýe soňky döwürde Pakistan bilen goranyş senagaty boýunça möhüm şertnamalar baglaşdy

1062319
Pakistan Türkiýe bilen goranyş senagatynda edýän hyzmatdaşlygyny ösdürmek isleýär

Pakistanyň Goranmak ministri Zübeýde Jelal Türkiýäniň Pakistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ihsan Mustafa Ýurdakul bilen duşuşdy.

Zübeýde Jelal Pakistanyň Rawalpindi şäherde bolan duşuşykda Pakistanyň Türkiýe bilen goranyş senagatynda edýän hyzmatdaşlygyny ösdürmek isleýändigini aýtdy.

Türkiýe soňky döwürde Pakistan bilen goranyş senagaty boýunça möhüm şertnamalar baglaşdy.

Iýul aýynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda Türkiýe Pakistana 4 MILGEM bilen 30 sany ATAK dikuçary satar.

MILGEM gämileriniň 2-si Pakistanyň Karaçi şäherinde, 2-si bolsa Türkiýede öndürler. Gämiler 54-72 aýda Pakistana gowşurlar.

30 sany ATAK dikuçarynyň bolsa 5 ýylda tabşyrylamgy meýilleşdirilýär.

 



Degişli Habarlar